Bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
1726-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2025-2026-njy okuw ýylyny jemlemek hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we strategiýalaryň esasynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi we halkymyzyň bagtyýar durmuşy barada buýsanç bilen nygtadylar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň aň-paýhas, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler barada bellenildi.
Duşuşykda edilen çykyşlarda bilim ulgamynda geçen okuw ýylynyň jemleri seljerilip, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlerde bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, şol sanda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini täze derejelere çykarmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny, şeýle hem okuw dersleri boýunça dürli okuw-usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamak, halkara tejribeleriň esasynda pedagogik işgärleri taýýarlamak, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň gurallaryny kämilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn dowam etdirmek babatda çykyşlar edildi.
Şonuň ýaly-da, bilim işgärleriniň maslahatynda usuly-amaly okuwlarda okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullaryny, sanly serişdeleri we multimedia enjamlaryny bilim işine giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň tehniki serişdelerden hem-de ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanyşyny kämilleşdirmek, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ýaşdan sagdyn ösüp kemala gelmeklerini, mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, ýaşlary ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň bilim, ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda we sportda gazanan üstünlikleriniň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edilip, Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.