«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ilkinji okuw sapagy geçirildi

36

Şu gün, 1-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ilkinji okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ösüşiň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygy bellenildi.
Ilkinji okuw sapagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda durmuşyň ähli ugurlarynyň ösdürilýändigi nygtaldy.
Häzirki wagtda ýokary bilimde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy esasynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär, şu esasda hem ýaşlar ylma işjeň çekilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň halkaralaşmak işinde iri abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklanylýar. Şeýle hem okuw sapagynda ýurdumyzyň halkara derejede at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da ýokary derejelere ýetmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri giňişleýin beýan edildi.
Ilkinji okuw sapagyna gatnaşyjy talyplar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30