Moskwada dil okuw türgenleşigi

12

2026-njy ýylyň 1-nji iýuny – 26-njy iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet instituty hem-de “Rus dünýäsi” gaznasynyň bilelikde guramagynda 28 döwletden 786 zehinli talyplaryň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça 20 talyp, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güljemal Sädiýewa ýeňiji diýlip yglan edildi (ylmy ýolbaşçysy - rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Çarymyradowna Şamyýewa).
Bäsleşigiň ýeňijileri 23-nji awgust - 5-nji sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilýän “Daşary ýurtly zehinli talyplar üçin “Puşkin bilen tomus” dil okuw türgenleşigi” (“Pushkin Camp”) atly taslamasyna gatnaşýarlar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30