«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy
12Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň durmuşyny, ylmy-döredijilik älemini we talyp ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini yzygiderli şöhlelendirýän «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky täze sany okyjylara gowuşdy. Gazetiň nobatdaky sany özüniň mazmun baýlygy we täsirli materiallary bilen tapawutlanýar.
Gazetiň täze sanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndaky çykyşy ýerleşdirildi.
Şeýle-de neşirde uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de zehinli talyplarynyň dürli ylmy, hünär we jemgyýetçilik ugurlary boýunça ýazan makalalaryna giň orun berildi.
Gazetiň sahypalarynda «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) çägindäki halkara ýaryşlardaky çykyşynyň tertibi hem ýerleşdirildi.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.