Päkistanyň ýokary okuw mekdebi bilen maslahat geçirildi
3416-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Halklary birleşdirýän gymmatlyklar: türkmen we pakistan medeniýetleri umumadamzat hazynasy hökmünde” atly tema boýunça ýokary okuw mekdebimiziň we Päkistan Yslam Respublikasynyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatda “Türkmenistan - Pakistan Yslam Respublikasy: ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk”, “Adamzadyň umumy gymmatlyklary: taryh we jemgyýet arkaly Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni umumylyklary öwrenmek”, “Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda” ýaly temalarda çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmeniň buýsanjy” atly goşgusy okaldy.