Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat

14

18-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – berkarar dowletimiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy mejlisde alyp baryp, “Mukaddes Garaşsyzlyk – döwletimiziň berkararlygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez binýady”, “Halkymyzyň taryhyny we milli gymmatlyklaryny öwrenmek jemgyyetiň durnukly ösüşiniň özenidir”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmekde gazanylan üstünlikler”, “Mukaddes Garaşsyzlyk we milli demokratiýanyň kanunçylyk ýörelgeleri”, “Hünär ugry boýunça talyplara daşary ýurt dillerini öwretmegiň täzeçil usullary”, “Takyk ylymlarda degişli dersleri okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalaryň orny”, “Täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda fizikanyň we astronomiýanyň gazanan üstünlikleriniň ähmiýeti”, “Ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmekde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti”, “Biologiýany okatmagyň täzeçil usullary we biotehnologiýanyň öňdebaryjy tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti”, “Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň we medeniýetiniň ösdürilmegi – daşky gurşawy goramagyň esasy şerti” atly bölümleriň 10-synda dowam etdi.
Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriniň hem-de talyplarynyň, şonuň ýaly-da, beýleki bilim-ylym edaralarynyň hünärmenleriniň, alymlarynyň, ylmy işgärleriniň ylmy nutuklarynyň 440-a golaýy meýilleşdirildi.
Çykyşlarda ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşi, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler we olarda ylmyň, bilimiň orny, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, hususan-da, Milli, Döwlet maksatnamalaryny, Konsepsiýalaryny we Strategiýalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, şeýle-de, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen baglanyşykly hem-de edebi mirasymyz, türkmen dili hem-de dilleri öwrenmekde we öwretmekde öňdebaryjy usulyýet, usullar, takyk, tebigy we ynsanperwer ylymlarynda ýetilen sepgitler, okatmagyň döwrebap usullaryny bilim bermek işini ornaşdyrmak dogrusynda ylmy, ylmy-usuly, ylmy-amaly häsiýetde täsirli çykyşlar diňlenildi.
Maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň monografiýalarynyň hem-de makalalar ýygyndylarynyň we talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň, işläp düzmeleriň, amaly-haşam gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan ata Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrýan tutumly işleri, hususan-da, ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30