Türkmen talyplary matematika boýunça halkara ders bäsleşiginde ýokary netije görkezdiler

923

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Informasion tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 7-nji Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň matematika bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar.
Matematika bäsleşigi Gresiýa, Polşa, Çehiýa, Estoniýa, Ermenistan, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Latwiýa, Indoneziýa we Türkmenistan döwletden 40-dan gowrak ýokary okuw mekdebiniň toparlaryna wekilçilik eden 350-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu halkara ders bäsleşigine ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. 
Bu halkara ders bäsleşiginde talyplarymyz baýrakly orunlaryň 22-sine, ýagny 7-si – birinji, 17-si – ikinji, 8-si – üçünji orna mynasyp boldular, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary jemi 13 baýrakly orunlara – 4 sany 1-nji orna, 6 sany 2-nji orna, 3 sany 3-nji orna mynasyp boldular.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30