«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany okyjylara ýetirildi

28
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany okyjylara ýetirildi. Gazetiň täze sanynda ýurdumyzda giňden bellenilen şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylyk dabaralary we Halk Maslahatynyň mejlisi baradaky möhüm habarlar öz beýanyny tapdy. Şeýle hem gazet sahypalarynda ýaşlaryň döredijilik ukyplary, ylmy-amaly maslahatlar, dersara ylymlaryň ähmiýeti we sport ýaryşlary hakynda gyzykly makalalar ýerleşdirildi.
Bulardan başga-da, gazetde talyplaryň taýýarlan täsirli tymsallary, şeýle hem dünýä ýüzünde tanyşdyrylan täze tehnologiýalar we «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň «Çempionlar ligasy — 2» bäsleşigindäki üstünlikli başlangyjy beýan edilýär. Okyjylar bu sanda aýdyma öwrülen meşhur goşgular we gyzykly täzelikler bilen hem tanşyp bilerler.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30