Wagyz-nesihat çäresi
338-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guraldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini we onda kabul edilen çözgütleriň wajyplygyny bellediler. Ýaşlar barada kabul edilen maksatnamalar bolsa olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine uly ýardam berýär. Bellenilişi ýaly, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşýar. Hususan-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara düzümlere we ÝUNESKO-nyň torlaryna girizilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Çykyşlarda bagtyýar ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda we medeniýetde ýokary netijeleri gazanýandyklary buýsanç bilen nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar ýaşlar baradaky aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.