Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi

27

10-njy oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabarasy geçirildi.
Dabarada bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda uly orna eýe bolýar. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30