Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2612-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Ornuňyz tördedir sarpaňyz belent, Ýaşaýşa ýarandyr mährem zenanlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçrildi.
Wagyz-nesihat çärä Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukmanlary, Aşgabat şäher häkimliginiň agzalary bolan kümüş saçly eneler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary, talyp gyz-gelinleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli gymmatlyklarymyzy halk hakydasyna gaýtaryp bermek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, gyz gözelligi, edep-ekramy, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, zenan mertebesi, nesilleri milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza esaslanyp terbiýelemegiň ýol-ýörelgeleriniň orny barada giňişleýin belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri, türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.