Uniwersitetimiziň mugallymlary Bişkekde geçensimpoziuma gatnaşdylar
29 8-9-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekşäherinde «Türk dünýäsinde azerbaýjan diliniň we edebiýatynyň öwrenilişi» atly halkara simpozium geçirildi.
Çäre Baku şäherindäki Hazar uniwersitetiniň Diller we edebiýatlar departamenti hem-de Ýusup Balasagun adyndakyGyrgyz milli uniwersiteti tarapyndan bilelikde guraldy. Simpozium Hazar uniwersitetiniň 35 ýyllygyna we Birinji Baku türkologiýa gurultaýynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
Açylyş dabarasynda Gyrgyz milli uniwersitetiniň rektoryprofessor Dogdurbek Çontoýew, TÜRKSOÝ-yň Azerbaýjan boýunça wekili Wugar Mammadow, Azerbaýjanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Latif Gandilow we Hazar uniwersitetiniň esaslandyryjysy, Direktorlar we Howandarlargeňeşiniň başlygy akademik professor Hamlet Isahanly çykyşetdi.
Simpoziuma Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Fransiýanyň we beýleki ýurtlaryň alymlary gatnaşdy. Çykyşlarda azerbaýjan dilini öwrenmegiň häzirki zaman meseleleri, azerbaýjan edebiýatynyň türki halklaryň edebiýaty bilen baglanyşygy, türki halklaryň umumy edebi mirasy we azerbaýjan dili bilen edebiýatynyň daşary ýurtlarda okadylyşyara alnyp maslahatlaşyldy.
Bişkekde geçen simpoziumda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şihnepesow “Şygyr tekstleriniň türkmen dilinden azerbaýjan diline we azerbaýjan dilinden türkmen diline terjime tejribeleri (Magtymguly Pyragynyň we Samad Wurgunyň eserleriniň terjimesi esasynda)” hem-de türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tagandurdy Bekjäýew “Magtymguly Pyragynyň dilindeAzerbaýjan we azerbaýjan edebiýaty” atly çykyşlary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Çäräniň ahyrynda jemleýji bellikler aýdyldy, degişli kararnamalar kabul edildi we gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuruldy.