Wagyz-nesihat çäresi

20

21-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary — milli mirasy, türkmen tebigatyny öwrenmegiň ylmy hazynasy» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ylmy-ensiklopedik işiniň 18-nji jildiniň neşir edilmegine hem-de hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki taryhy çykyşynyň ähmiýetine bagyşlandy.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş eden professor-mugallymlar we talyplar berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda durmuşa geçirýän işleri, asylly däbe eýerip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ylmy-ensiklopedik işiniň 18-nji jildiniň neşir edilmegi, onda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriniň melhemlik aýratynlyklary, ynsanyň saglygyny berkitmekdäki, keseliň öňüni almakdaky hyzmaty barada beýan etdiler. Şonuň ýaly-da, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Ermenistan Respublikasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynyň ähmiýeti barada giňişleýin nygtaldy.
Wagyz-nesihat çäresi ýokary okuw mekdebiniň biologiýa fakultetiniň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy bilen utgaşdy. Şeýle hem çärede Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde Himiýa ugry boýunça geçirilen «Lomonosow-2026» atly uniwersiadasynda, B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara we olara ýolbaşçylyk eden mugallymlara, A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet instituty tarapyndan «Лето с Пушкиным» atly daşary ýurtly zehinli talyplar üçin onlaýn görnüşinde geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji diýlip yglan edilen talyba gelip gowşan degişli Şahadatnamalar, Minnetdarlyk hatlar hem-de «Ýylyň talyby — 2026» Döwlet bilim bäsleşigine işjeň gatnaşan talyba Hormat haty gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Watanym», «Çagdyr bu çaglar» ýaly aýdymlar ýerine ýetirildi.
Çäre bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan dürli taslamalaryň, sanly bilimiň mümkinçilikleri, talyplaryň dürli derejedäki bilim, ders, ylym üstünlikleri bilen baglanyşykly sergi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30