Onlaýn ylmy maslahat
2029-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň guramagynda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryh ylmy: täze açyşlar we özgerişler» atly onlaýn ylmy maslahata gatnaşdylar.
Ylmy maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň taryhyny, milli mirasyny, arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmekde, taryhy we medeni ýadygärlikleri dikeltmekde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, hususan-da Paryzdepe, Şährislam, Şährihaýbar, Abiwerd we beýleki ýadygärliklerde alnyp barylýan arheologiýa barlaglary, institutyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerine guralan etnografik ylmy saparlary we olaryň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle-de, ýaşlary ylma höweslendirmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek bilen bagly meseleler dogrusynda çykyşlar diňlendi.
Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen alymlara ýüzlenip, özara pikir alyşdylar. Bu geçirilen ylmy maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlykda ähmiýetli boldy.