Uniwersitetimiziň talyplary Polşada geçirilen halkara olimpiadada ýeňiji boldular
41Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 5 — 9-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherindäki Silesia uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara olimpiadada matematikanyň algebra we kombinatorika, matematiki analiz, funksional deňlemeler, geometriýa we ähtimalyklar nazaryýeti bölümleri boýunça meseleler hödürlendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bäsleşikde 1 altyn, 3 bürünç medallara, şonuň ýaly-da, toparlaýyn bäsleşikde bürünç medala mynasyp boldular.
Şahsy bäsleşikde uniwersitetiň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby Orazguly Gylyjow altyn medala, şol fakultetiniň talyby Balkan Jepbarow we matematika fakultetiniň talyplary Wepa Berdiýew we Abdulla Abdullaýew bürünç medallara mynasyp boldular.
Talyplar bäsleşige uniwersitetiň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdylar.
Olimpiada Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Çehiýanyň, Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň, Italiýanyň , Germaniýanyň, Fransiýanyň we Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerinden 180-e golaý talyp gatnaşdy.