Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy

4

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu abraýly baýraga mynasyp bolanlaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň bolmagy biz üçin buýsandyryjy wakadyr.
Zoologiýa kafedrasynyň mugallymy — Rahym Saparmyradow;
Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy — Berdinazar Döwletow;
Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby — Mukam Bekgylyjow;
Žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby — Laçyn Begzadaýewa;
Hukuk öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby — Salyh Begenjow;
Fizika hünäriniň 5-nji ýyl talyby — Ahmet Salaýew dagy «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada, degişli şahadatnamalara hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular.
Ýylyň ýylyna geçirilýän bu bäsleşikde edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde ýokary üstünligi, şeýle-de, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty giňişleýin wagyz etmekde ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň arasynda biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň bolmagy aýratyn bellärliklidir.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30