Dabaraly maslahat
462Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýydym-saz topary tarapyndan Hormatly Prezidentimizi, “Türkmenistan – parahatçylygyň ynanyşmagyň Watany” ýylyny, Aşgabat şäherini wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Dabaraly maslahatda “Mekan” köşgüniň eýwanynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, ak şäherimiz Aşgabady, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän sergi guraldy.