Ylmy-döredijilik maslahat geçirildi
534Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji maýynda “Abusagyt Abylhaýyr – ynsanperwerligiň, halallygyň, ruhy kämilligiň nusgasy” we “Görogly beg Türkmen we türkmen halkynyň müňýyllyklarynyň jümmüşinden gaýdýan döwletlilik ýörelgeleri” atly ylmy-döredijilik maslahat geçirildi.
Ylmy-döredijilik maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, aspirantlary, magistrleri we talyplary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatyna gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklara uzap gidýän türkmen taryhynda yz galdyryp, dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda uly söýgä mynasyp bolan merdana şahsyýetlerimizi, beýik söz ussatlarymyzy, milli mirasymyzy, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy öwrenmek üçin Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilýän şertler barada belläp geçdiler.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýleki taryhy şahsyýetler, söz ussatlary, akyldarlary bilen birlikde Abusagyt Abylhaýryň we Görogly beg Türkmeniň keşbiniň getirilýändigini hem-de olaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşme bolup durýandygyny bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, taryhy şahsyýetlerini we milli mirasymyzy öwrenmekde döredýän mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.