Türkmen talyplary matematika boýunça halkara ders bäsleşiginde ýokary netije görkezdiler

1401

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 12-14-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara matematika internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar. 
Halkara matematika internet olimpiadasy Bangladeş Respublikasy, Polşa, Çehiýa, Russiýa Federasiýasy, Indoneziýa, Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden 50 sany ýokary okuw mekdebiniň toparlaryna wekilçilik eden 300-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçip, bu halkara ders bäsleşigine ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. 
Bu halkara matematika internet olimpiadasynda Türkmenistanly talyplar baýrakly orunlaryň 53-sine, ýagny 13-si – birinji orna, 17-si – ikinji orna, 23-si – üçünji orna, şeýle-de 10 sany höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary jemi 19 baýrakly orna, şol sanda 4 sany 1-nji orna, 7 sany 2-nji orna, 8 sany 3-nji orna we 1 sany höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Olardan Murat Sapaýew, Resul Şamuhammedow, Eziz Saparow, Sähragül Garlyýewa I orna, Merdangeldi Baýramow, Didar Gaýypow, Akmuhammet Akmyradow, Söhbet Maksadow, Meňli Rahmedowa, Serdar Ärsaryýew II orna, Guwanç Mämmedow, Dessan Bazarow, Muhammedaly Hudaýbergenow, Salihbek Döwletmyradow, Allaýar Hudaýgulyýew, Hydyrberdi Rejepow, Hajymuhammet Ataýew, Şabibi Nurjanowa III orna, şonuň ýaly-da, Öwezgeldi Akmyradow höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.
Halkara matematika internet olimpiadasyna gatnaşan we ýeňiji bolan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Mähriban Arkadagymyzyň özleri üçin edýän çäksiz aladalary, ýaşlaryň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30