Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy
1466Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlara we ýaşlaryň döredijilik toparlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden radiofizika we elektronika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Baýrammyrat Atakaýew, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby Owadan Begjanowa we arheologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby Maýagözel Mommaliýewa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp boldular.