2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy”

762

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. 
Hoşallyk maslahatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş-ykdysady taýdan ýetilen sepgitlerini bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlygy ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen adyl we ynsanperwer syýasatynyň esasynda özgerýändigini bellediler. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz tarapyndan hoşniýetli daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler barada nygtamak bilen, Türkmenistan döwletiniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipelerini gyşarnyksyz berjaý edýändigini nygtap geçdiler. 
Şonuň ýaly-da, Bitarap Watanymyzyň içeri syýasatynda alnyp barylýan işleriň Gahryman Arkadagymyzyň “Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Prezident maksatnamasyndan” we beýleki maksatnamalardan, konsepsiýalardan ugur alnyp durmuşa geçirilýändigini aýtdylar. Ata Watanymyzda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçen 2021-nji ýylda hem durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylan üstünlikler barada belläp, bu ýetilen sepgitler doly derejede Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn işlerinden gözbaş alyp gaýdýandygyny bellediler. 
Professor-mugallymlar we talyplar Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygy ýyllarynda ýylyň-ýylyna ýyly atlandyrmak işleriniň asylly däbe öwrülendigini nygtamak bilen, 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýetli bolup durýandygyny aýtdylar.
Hoşallyk maslahatynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” syýasatyna laýyklykda alyp barýan tutumly işlerini wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Maslahat bilen ugurdaş Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, eserleriniň we ylmy işleriniň sergisi guraldy.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagy we Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30