“Geldi Nowruz toý-baýrama beslenip, Halkyň Arkadagly zamanasynda”
685Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Milli bahar baýramy mynasybetli “Geldi Nowruz toý-baýrama beslenip, Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Milli bahar baýramy bilen baglanyşykly, müňýyllyklardan häzirki günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň amaly-haşam işleriniň sergisi bilen utgaşdy. Baýramçylyk dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz, folklor, “Diýar” tans we dutarçylar toparlary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzy, ata Watanymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatyny, Milli bahar, ýagny Nowruz baýramyny, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny wasp edýän aýdymlar aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda milli tans sungatymyzyň aýrylmaz bölegi bolan küştdepdi tansy ýerine ýetirildi.