Moskwa döwlet uniwersiteti bilen geçirilen okuw sapagy
947Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, bilim edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan Ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda halkara tejribesini we döwrebap usulyýeti öwrenmek boýunça degişli işler ýola goýuldy we ösdürilýär.
“Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň” çäklerinde Moskwa döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň tebigatdan rejeli peýdalanmak kafedrasynyň professory, geografiýa ylymlarynyň doktory Ýuriý Lwowiç Mazurowyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda uzak aralykdan teleköpri arkaly “Durnukly ösüşiň geoekologiýa jähtleri” atly okuw sapagy geçirildi.