Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri yglan edildi
121616-njy noýabrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň ylymly-bilimli, köpçülikleýin medeni-jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýan ýaşlaryna gowşurylýan bu baýrak ugrundaky bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşyp, olardan türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kerimberdi Hakberdiýew, hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ýolaman Mämmedow, şeýle hem fizika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Çary Allaberdiýew dagy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldular.
Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.