ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hukuk öwreniş mugallymlary we talyplar bilen okuw maslahatyny geçirdi

477

14 — 18-nji noýabr aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda “Adam hukuklary boýunça halkara kadalary ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek” atly taslamanyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahaty geçirildi.
Onlaýn wideoaragatnaşyk arkaly dört günüň dowamynda geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden hünärmenler, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň geçirilmeginiň esasy maksady degişli ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin jenaýat işleri geçirilýän döwründe adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişiniň tejribeleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. 
Okuw maslahatynyň dowamynda guramanyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, adam hukuklary boýunça hünärmenler Ýuriý Lewinte, Ion Graur, Weronika Wition dagy çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar halkara hünärmenler bilen sorag-jogap alşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.

Ogulmeňli ÝARAŞOWA,
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30