Ýewropa Bileleşiginiň geçiren bäsleşiginde talyplarymyz ýeňiji boldular
774Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Gender deňhukuklylygyna bagyşlanyp bäsleşik geçirildi.
28-nji fewral – 3-nji mart aralygynda dowam eden bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan talyplar gatnaşdylar.
Dört günläp dowam eden bäsleşik gender deňligi syýasatyny özünde beýan edýän dürli mowzuklar boýunça sowal-jogap görnüşinde alnyp baryldy. Oňa ÝB-niň agzalary we “Akenmar” PR agentliginiň esaslandyryjysy Maral Annanurowa eminlik etdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Enejan Altyýewa we Babageldi Agamyradow baýrakly 1-nji orna mynasyp boldular. Bulardan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary degişlilikde 2-nji, 3-nji we 4-nji orunlary eýelediler.