Ýaş Liderleriň hepdeligi açyldy

642

27-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ýaş Liderler — Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir” atly şygar astynda hepdeligiň açylyş dabarasy boldy.
Dabara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaş mugallymlary, aspirantlary, magistrleri, talyplary we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdylar. 
Hepdeligiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar Arkadagly Serdarymyzyň “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen sözlerinden ugur alnyp, türkmen ýaşlarynyň ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerini, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginde uly işleriň garaşýandygyny nygtadylar. Şeýle-de, ýaşlar syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän özgertmeler dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.
Hepdeligiň açylyş dabarasyndan soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň arasynda ýaşlaryň giň dünýägaraýyşyny kemala getirmek maksady bilen, “Hemmetaraplaýyn pikirlen, takyk hereket et!” atly 4 topardan ybarat bolan “Breýn ring” zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige toparlaryň ählisi hem işjeň gatnaşdylar. Netijelere laýyklykda, bäsleşigiň höweslendiriji ornuna “Ösüş” topary, 3-nji baýrakly orna “Altyn Asyr” topary, 2-nji baýrakly orna “Ýaşlyk” topary, 1-nji baýrakly orna bolsa 15 utuk bilen “Şatlyk” topary mynasyp boldy.
Hepdeligiň açylyşynyň çäklerinde bulardan başga hem, uniwersitetimizde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, şeýle-de talyplaryň gazanan üstünliklerini ýaýbaňlandyrýan nakgaşlyk eserleriniň, ylmy işleriň hem-de taslamalaryň sergisi guraldy.

Güljahan ABDYÝEWA,
žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30