“Erasmus+” taslamalarynyň netijelerine bagyşlanyp maslahat geçirildi
57829-njy martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilliginiň, “Erasmus+” maksatnamasynyň Türkmenistandaky ofisiniň guramagynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Erasmus+” taslamalarynyň üstünlikli netijeleri” atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden “Erasmus+” maksatnamasynyň taslamalarynyň maksatlary, wezipeleri hem-de ýeten netijeleri bilen tanyşmaga gyzyklandyrma bildirýän ýaş mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň rektory B.Orazdurdyýewa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso, şeýle-de “Erasmus+” maksatnamasynyň Türkmenistandaky ofisiniň koordinatory A.Çörekliýewa, Slowak tehnologiýa uniwersitetiniň professory Iwan Spanik dagy hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler.
Rus hem-de iňlis dillerinde dowam eden maslahatyň maksady Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny “Erasmus+” maksatnamasynyň taslamalarynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Ýokary guramaçylykda geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilen daşary ýurtly bilermen hünärmenleriň arasynda sowal-jogap alşyldy.