Halypa žurnalistler bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
59029-njy martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Žurnalistikamyzyň söhbeti» atly duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga ýurdumyzyň gazet-žurnallaryndan tejribeli žurnalistler, ýagny «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory Maýsa Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory Gülälek Babaýewa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Ogultäç Oraztaganowa, «Medeniyet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi Gurbanjemal Annakowa, şeýle-de žurnalistika hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
Duşuşygyň geçirilmeginiň maksady uniwersitetimiziň žurnalistika hünärinde okap bilim alýan talyp ýaşlaryň öz hünärlerini nazary we amaly taýdan kämilleşdirmeginden, bu ugurdaky bilimlerini artdyrmagyndan hem-de halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda pikir alyşmakdan ybaratdyr.
Belleýşimiz ýaly, gazet-žurnallarda işlemek bilen, žurnalistika hünärinde tejribe toplan halypalar ýaş žurnalistlere degerli maslahatlary berdiler, olara öz hünärlerini özleşdirmekde üstünlik menzillerini arzuw etdiler. Halypalaryň her biri öz gezeginde žurnalistiň kämilleşmeginde zerur bolan ädimler dogrusynda bellediler. Gepleşigiň dowamynda ýaş žurnalistler hem özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen myhmanlara ýüzlenip, olaryň beren täsirli jogaplaryny diňlediler.
Döredijilik duşuşygynyň barşynda ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly habarlardyr makalalary taýýarlamak, olary ýazmakda nazarda tutmaly aýratynlyklar barada hem durlup geçildi. Duşuşyga çagyrylan myhmanlar talyplara bu temada dürli žanrlara degişli materiallary ýazyp, metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş etmegi maslahat berdiler.
Serwi HUDAÝGULYÝEWA,
žurnalistika hünäriniň 1-nji ýyl talyby.