“Sagdyn bedende – sagdyn ruh” atly sport çäresi Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy
7063-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” atly sport baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Bu sport baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde professor-mugallymlar we talyp ýaşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerini sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport maşklaryny ýerine ýetirmek, ekologiýa taýdan sportuň welosiped sürmek görnüşi boýunça ýörişleri geçirmek bilen utgaşdyrdylar.
Sport baýramçylygynyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz, tans toparlary tarapyndan döwletimizi, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny, türkmen tebigatyny, türkmen sportuny şöhratlandyrýan aýdymlar aýdyldy we tanslar ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Şoňa görä-de, bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýarys. Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine uly goşant goşýarys. Türkmenistan bu gün sport ýurdy hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary guruldy” diýen ajaýyp sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň özgertmeleri başdan geçirýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen baglanyşykly işler giňden dabaralanýar. Bu ugurda “Bilim hakynda”, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” we olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalarynyň çäklerinde ýurdumyz sagdyn ýaşaýşyň we sportuň täze belentliklerini nazarlaýar, bu bolsa öz gezeginde ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga ýakyndan ýardam berýär.
Sport baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjy professor-mugallymlar we talyp ýaşlar berkarar döwletimizde ylmy, bilimi, ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürýän hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar.