Magtymgula bagyşlanan şygryýet bäsleşiginde uniwersitetimiziň talyby ýeňiji boldy
196115-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp...» atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilen bäsleşige deslapky tapgyrda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige eminlik etmek üçin şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde uly işleri bitiren alymlar, professor-mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet ulgamynyň döredijilik işgärleri çagyryldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Diýarymyzyň ýokary bilim berýän ojaklarynda döredijilik bilen meşgullanýan, akyldar şahyryň dürdäne eserleriniň many-mazmunyndan oňat baş çykarýan zehinli ýaşlary, sözüň doly manysynda, Magtymgulynyň ruhy «mirasdüşerlerini» bir ýere jemlän döredijilik çäresinde talyplar iki şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şertde olar akyldar şahyryň il-ýurt, watançylyk, agzybirlik, edep-terbiýe, söýgi, ynsanperwerlik temalaryndaky şygyrlaryndan birini ýatdan aýdyp berdiler.
Talyplaryň şahyryň nusgawy şygyr mirasynyň, filosofik garaýyşlarynyň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dünýäde şöhratlandyrylyşyna bagyşlap özleriniň döreden goşgularyny ýerine ýetirmekleri ikinji şertiň özenini düzdi.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Mülkaman Jumaniýazow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4-nji ýyl talyby Şöhrat Myradow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby Süleýman Haýdarow 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň 2-nji ornuny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Batyrmuhammet Orazow hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Halmaýew eýelediler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Kerimberdi Hakberdiýew bolsa çykyşlarda iň ýokary netijäni görkezmegi bilen, şygryýet bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy.
Ýeňijiler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomlary we uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.