TDU-nyň ýaş alymlary, aspirantlary we talyplary «Lomonosow — 2023» atly halkara ylmy maslahata gatnaşdylar
122118-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaş alymlary, aspirantlary we talyplary Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda onlaýn görnüşde geçirilen «Lomonosow — 2023» atly halkara ylmy maslahata gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň iň bir baýry ýokary okuw mekdebiniň wekilçilikli toparynyň ylmy maslahata gatnaşmagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň» çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmenistanly ýaş alymlar, aspirantlar we talyplar halkara ylmy maslahatyň bölümçelerinde onlaýn görnüşde çykyş etdiler. Olaryň çykyşlary fizika, himiýa, ekologiýa howpsuzlygy, oba we halk hojalygynyň ösdürmegiň döwrebap tejribesi, taryh, daşary ýurt dillerine terjime etmegiň nazaryýeti we usulyýeti, daşary ýurt edebiýatyny öwrenmek we olaryň terbiýeçilik ähmiýeti ýaly ugurlarda ylmy nutuklaryň 50-den gowragyny öz içine aldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň möhümdigini belläp geçdiler.