«DÖWÜR WE ŽURNALIST» ATLY TELEGEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

703
22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Döwür we žurnalist» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejebow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew we «Biznes reklama» gazetiniň esasy utgaşdyryjysy, publisist Gurbannazar Orazgulyýew hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň baýry neşirlerinde göreldeli zähmet çekýän uniwersitetimiziň uçurymlary myhmançylykda boldular. Duşuşyga ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika kafedrasynyň, şeýle hem ugurdaş beýleki kafedralaryň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler milli žurnalistikamyzyň – gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň, internet saýtlarynyň işini mundan beýläk-de netijeli ýola goýmak boýunça hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri, bu ugurda döwletimiz tarapyndan döredijilik işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeler barada aýratyn durup geçip, ýakynda ähli ildeşlerimizi buýsandyran waka Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» teleýaýlymynyň we «Arkadag» gazetiniň döredilmeginiň taryhy ähmiýeti barada nygtadylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda edebi hem žurnalistik döredijilikdäki halypa-şägirtlik mekdebiniň aýdyň mysalyna öwrülen çärede bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan halypalar öz durmuş hem iş tejribesini paýlaşyp, zähmet çekýän gazet redaksiýalarynda şu günlerde alyp barýan işleri, geljekki meýilnamalary, häzirki zaman KHBS-niň möhüm ugurlary we onda daşary ýurt tejribesini özleşdirmegiň zerurlygy, bu işde sanly mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň netijeliligi barada gürrüň berdiler.
Esasan-da, sowal-jogap häsiýetinde dowam eden duşuşygyň barşynda talyplar döredijilik adamynyň iş usullary, onuň wagtdan netijeli we tygşytly peýdalanyşy bilen bagly özlerini gyzyklandyran ugurlar boýunça halypalara ýüzlendiler. Ýaşlara žurnalistikada haýsy žanrdan ýazyp başlamak, döredijilikde we zähmet ýoluňda kämilleşmek, öz ornuňy tapmak barada halypalaryň beren maslahatlary hem bu ýere ýygnanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30