Uniwersitetimizde mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
1221Uniwersitetimizde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň X-XI synp okuwçylarynyň arasynda “Magtymguly – sözlär tili türkmeniň...” atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigine gatnaşýan ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen mekdep okuwçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly, Arheologiýa we etnografiýa, Zoologiýa, Geologiýa-mineraogiýa muzeýlerine aýlanyp gördüler. Olardaky muzeý gymmatlyklary barada professor-mugallymlar tarapyndan giňişleýin maglumat berildi.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylarynyň we beýik söz ussadynyň edebi mirasy bilen baglanyşykly sergi guraldy.
Okuwçylar bäsleşigiň şertine laýyklykda iki sany goşgy, ýagny Magtymguly Pyragynyň goşgusyny hem-de okuwçynyň özüniň Magtymguly Pyragy barada ýazan bir gosgusyny ýatdan we labyzly aýtmagy bilen çykyş etdiler.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginde ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.