Okuwçylaryň arasynda onlaýn olimpiada geçirilýär
494124-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda himiýa, matematika we fizika dersleri boýunça onlaýn olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi.
Olimpiada 24-26-njy aprel aralygynda dowam edip, 24-nji aprelde himiýa, 25-nji aprelde matematika, 26-njy aprelde fizika dersleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen onlaýn wideo aragatnaşyk görnüşinde geçiriler. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň 10-njy we 11-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşýarlar. Halkara olimpiadalaryň geçiriliş düzgünlerine laýyklykda gatnaşyjylara synpyna garamazdan umumy ýumuşlar hödürleniler.
Oňa gatnaşýan mekdep okuwçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň dürli derejedäki ders, taslama we ylym bäsleşikleriniň gazanan üstünlikleriniň we talyplar tarapyndan taýýarlanan taslamalaryň sergisine tomaşa etdiler.
Onlaýn olimpiadanyň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan toplanan ballaryň umumy jemi boýunça kesgitleniler. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň I, II we III derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.