Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýörite ilçisi uniwersitetimiziň talyplary bilen duşuşdy
74628-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň «EXPO – 2030»-y geçirmeklige dalaşgärlik komitetiniň ýörite ilçisi Romeo Orlandi bilen uniwersitetimiziň talyplarynyň arasynda duşuşyk boldy.
Duşuşygyň esasy maksady türkmen tarapyny 2030-njy ýylda Bütindünýä sergisini Rim şäherinde geçirmek bilen baglylykda italýan tarapynyň konsepsiýasy boýunça tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Çäräniň barşynda sapar bilen ýurdumyza gelen professor, hytaýşynas, bilermen, strategik maslahatçy, italiýaly diplomat Romeo Orlandi giňişleýin çykyş edip, «EXPO – 2030» Bütindünýä sergisini Italiýa Respublikasynda geçirmegiň mümkinçilikleri, artykmaçlyklary bilen tanyşdyrdy. Şundan ugur alyp ýörite ilçi türkmen tarapyna işleriň alnyp barlyşy, ony durmuşa geçirmekde degişli ýurduň tagallary hakynda gürrüň berdi.
Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili we iňlis dili hünärleriniň talyplary özlerini gyzyklandyran sowallar bilen ýüz tutdular.