Sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçirildi

751
28-nji aprelde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli «Milli mirasymyzy goramak babatynda ýaşlaryň orny» atly göni wideo aragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesilme-nesil geçip gelen maddy hem ruhy mirasyny aýawly saklamakda ýaş nesliň aýratyn ornuny, mümkinçiliklerini beýan etmek, ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrmak okuw sapagynyň esasy maksadydyr. Onda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ogulsabyr Berdiýewa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy, ÝUNESKO kafedrasynyň agzasy Aýna Gurbangulyýewa çykyş edip, milli mirasymyzy öwrenmekde, gaýtadan dikeltmekde, dünýä ýaýmakda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen alnyp barylýan beýik işler barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30