III Açyk halkara matematika olimpiadasynda (OMOUS-2023) uniwersitetimiziň talyplary 64 medala eýe boldular

2787

Aprel aýynyň 23 — 28-i aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde III Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2023) geçirildi. Olimpiada 9 döwletden jemi 283 talyp — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden talyplaryň 228-si, dünýäniň 8 döwletinden — Russiýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Eýranyň, Saud Arabystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, jemi 18 uniwersitetden zehinli ýaşlaryň 55-si gatnaşdy.
Örän çekeleşikli geçen III Açyk halkara matematika olimpiadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden gatnaşan talyplar ýokary netije görkezdiler. Ýagny, olar ýekebara görnüşde 3 altyn, 13 kümüş we 12 bürünç medala, toparlaýyn görnüşde 1 altyn, 4 kümüş we 4 bürünç medala eýe boldular. Şeýlelikde, uniwersitetimiziň talyplary olimpiadanyň jemi 64 sany medalyny gazanmagy başardylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30