Watan gahrymanlaryna belent sarpa
7964-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1941-1945-nji ýyllarda bolan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli «Mertler Watany beýgeldýär» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ýeňiş gününe bagyşlanyp geçirilen dabara uruş we zähmet weteranlary, hormatly dynç alyşdaky ýaşulular, eneler, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Onda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň Beýik Watançylyk urşunda Watanyny gorap, söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlyklary, mertlikleri we edermenlikleri bellenilip geçildi.
Dabaranyň dowamynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny wasp edýän, Watan Gahrymanlaryny hatyralaýan, ýeňiş baýramy bilen baglanyşykly aýdymlar ýaňlandy. Şeýle hem «Keçpelek», «Şükür bagşy» kinofilmlerinden sazlar ýerine ýetirildi. Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen «Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna» atly edebi-sazly kompozisiýa dabara özboluşly öwüşgin berdi.