Uniwersitetimizde kitap sergisi guraldy
7015-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Kitap ynsanyň köňül nagşydyr» atly kitap sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, ýurdumyzyň taryhyna, medeniýetine we edebiýatyna bagyşlanan neşirlere, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, ykdysady ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň – Gahryman Alym Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplaryna uly orun berildi.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Sergi bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan Arkadagly Serdarymyzy, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny wasp edýän we Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýerine ýetirilen aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Sergide türkmen halkynyň taryhyna, medeni we milli mirasyna degişli muzeý gymmatlyklary, Magtymgulynyň ýaşan zamanasy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilen utgaşdyrylyp çekilen suratlar, akyldaryň heýkelleri, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary ýakyndan tanyşdyryldy.
Şeýle hem çäräniň dowamynda edebi duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, umumy okuwlar hem-de «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guraldy.