Kelamdan kemally ýaşlar

937

13-nji aprelde TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeklerinde geçirilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» we «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenip, Magtymguly etrabyndaky «Magtymguly» muzeýinde ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
Bu bäsleşiklerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen yzygiderli meşgullanýan, gyzyklanýan, çeper edebiýatyň we žurnalistikanyň dürli ugurlaryndan oňat baş çykarýan talyplary işjeň çykyş edip, baýrakly orunlara eýe boldular.
Şeýlelikde, publisistik makalalary, oçerkleri ýazmak boýunça geçirilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar biz» atly döredijilik bäsleşiginde:
1-nji orun — türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Toýly Muhammetdurdyýew;
2-nji orun — türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Saryýew;
3-nji orun — taryh fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Suraý Ärsaryýew;
Goşgulary, hekaýalary, oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginde:
2-nji orun — türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Guwanç Ballyýew;
3-nji orun — taryh fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Didar Erkäýew;
Höweslendiriji baýrak — taryh fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa;
ýaly talyplarymyz ýokary üstünlikleri gazandylar.
Şu mynasybetli hem aprel aýynyň 12 — 14-i aralygynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Magtymguly etraplaryna sapary boldy. Olar saparyň dowamynda birnäçe iri çäreler gatnaşan wekiliýetiň hatarynda bolup, edebiýat agşamlaryna, Magtymguly atamyzyň heýkeline gül goýmak dabarasyna, ýeňijileri sylaglamak dabarasyna, muzeýlerine gezelençlere, ýerli sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etmäge gatnaşdylar.
Biz hem döredijilik bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, üstünlikleri gazanmagy başaran kelamdan kemally ýaşlarymyzyň ýeňişleriniň höwrüniň köp, galamlarynyň ujunyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris!
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30