Firdöwsä bagyşlanan hem-de Pars dili güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

540

15-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars halkynyň nusgawy şahyry hem-de akyldary Abulkasym Firdöwsini hatyralamak maksady bilen, şeýle hem bu senede bellenilýän Pars dili güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň talyplary, uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Geografiýa fakultetiniň mejlisler jaýynda geçen ylmy-amaly maslahatda çykyşlara esasy orun berlip, olarda söz äleminiň iki ägirdi Firdöwsi bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumy we tapawutly taraplaryna seredildi. Bu ugurda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezi tarapyndan taýýarlanan wideoşekiller, «Şanama» poemasyndan ýerine ýetirilen bölekler maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle hem uniwersitetiň pars dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Firdöwsiniň meşhur «Şanama» eserinden sahnalaşdyrylan çykyşlary ýerine ýetirdiler we Magtymguly Pyragynyň "San bolsam" bilen "Turgul diýdiler" şygyrlaryny pars dilinde aýdyp berdiler.
Terjimeçi Şamyrat Çaryýewiň «Parsça-türkmençe sözlügi» baradaky çykyşy bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30