ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi
546Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda Türkmen halysynyň baýramy hem-de Dialog we ösüşiň hatyrasyna medeni dürlüligiň Halkara güni mynasybetli «Medeni miras – ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, aspirantlar, hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplarynyň hem sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda geçen ylmy-amaly maslahatda halkymyzyň şöhratly geçmişinde döreden baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi kemala getirmekdäki ähmiýetiniň ylmy esaslaryny ýüze çykarmagyň we öwrenmegiň hem-de olary wagyz etmegiň esasy ugurlary barada pikir alşyldy.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ÝUNESKO — Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändigini bellediler.
Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi «Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň medeni mirasy öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça taýsyz tagallalary», «Türkmenistan – ÝUNESKO: medeni mirasy goramak we wagyz etmek», «Medeni miras – halkyň ruhy baýlygynyň binýady», «Türkmen halysy we onuň ylmy taýdan öwrenilişi», «Medeni mirasy öwrenmekde arheologik we etnografik barlaglar» atly 5 bölümde dowam etdi. Olarda diňlenilen çykyşlarda ýurdumyzda milli mirasymyzy aýap saklamak baradaky işleriň wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendigi, gadymy türkmen topragynda taryhy-medeni ýadygärlikleriň, milli gymmatlyklaryň ençemesiniň ýerleşýändigi, gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň hem-de sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdygy nygtaldy.