Talyplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edildi
75915-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geografiýa fakultetiniň ilkinji partiýa guramasy tarapyndan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagynyň ygtybarly ýoludyr» atly dabaraly çäre geçirildi. Onda çykyş eden professor-mugallymlar we talyplar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan daşky gurşawy goramak we ekologiýany gowulandyrmak hakyndaky syýasatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdiler. Olar ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän belent başlangyçlarynyň taryhy ähmiýeti, olary durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary hakda aýratynlykda gürrüň berdiler.
Çäre bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň geografiýa, biologiýa we taryh fakultetleriniň talyplaryna partiýa biletleriniň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň sergisi guraldy.