Uçurymlara ak ýol!
157217-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Uçurym – 2023» dabarasy geçirildi.
Ýokary okuw mekdebimizde 2022-2023-nji okuw ýylynda hünärleriň 29-sy boýunça okuwyny tamamlan 1170-den gowrak talyba ýokary bilim hakynda resminama we işe ýollaýyş haty hem-de 20-ä golaý magistra diplom gowşuryldy. Uçurymlaryň 90-a golaýy tapawutlanan diplom bilen okuwlaryny tamamlaýar.
Dabara ýurdumyzyň ministrliklerdir, pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynda zähmet çekýän alymlardan ybarat bolan Jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.
Çäre mynasybetli çykyş edenler ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan bilim, ylym we olar bilen ugurdaş maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň çäklerinde bilim bermek, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatynda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ählitaraplaýyn döredilen şertler we mümkinçilikler dogrusynda belläp geçdiler.
Şeýle-de dabarada okan döwründe döwlet we halkara derejesinde ders, ylym we taslama bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, tapawutly we göreldeli okan, sportda hem-de medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara rektorlygyň Minnetdarlyk hatlary we uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gutardyş dabarasy mynasybetli ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen tanslar, okalan goşgular bu ýere gelenleriň ruhubelentligini artdyryp, olara egsilmez şatlyk-şowhun paýlady.