Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ilkinjisi dünýäniň ähli uniwersitetleriniň sanawyna girizildi

875

“All University Info” boýunça dünýäniň ähli uniwersitetleriň sanawyna Türkmenistandan ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hasaba alyndy.
“All University Info” sanawynda dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan ýokary okuw mekdepleri hasaba alnan. Bu ýerde öz ýurdunyň uniwersitetleriniň sany boýunça iň öňdebaryjy 10 ýurduň sanawy düzülýär.
Ähli uniwersitetleriň sanawy ýurtlar, şeýle hem Afrika, Aziýa, Merkezi Amerika, Ýewropa, Orta Gündogar, Demirgazyk Amerika, Okeaniýa, Günorta Amerika we Karib adalarynyň ýurtlary ýaly sebitler boýunça tertipleşdirilýär.
“All University Info” sanawy “QS World University Ranking” reýtingine salgylanýar we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri barada iň täze maglumatlary çap edýär. Bu reýtingden ugur alyp, “All University Info” dünýäniň iň köp uniwersitetleriniň ýerleşen öňdebaryjy ýurtlarynyň sanawyny neşir edýär. Bu ýurtlar ýokary hilli bilimi bermek bilen tanalýar we talyplar üçin has meşhurdyr.

      
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30