Magtymguly — terbiýe mekdebi
69220-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – terbiýe mekdebi» atly ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, aspirantlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri, ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Ylmy maslahat öz işini umumy mejlisde we «Magtymguly Pyragynyň pedagogik paýhasy terbiýäniň milli mekdebidir», «Magtymgulynyň terbiýe mekdebiniň ylmy-filosofik gözbaşlary», «Akyldaryň terbiýe mekdebinde jemgyýetçilik-taryhy pikirleriň orny», «Magtymgulynyň paýhas mekdebinde tebigat we ynsan sazlaşygy» ýaly bölümleriň 4-sinde alyp baryp, onda 200-e golaý ylmy çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň ylmy nutuklarynyň gysgaça beýanlary kitap görnüşinde çap edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Maslahatdaky çykyşlarda şahyryň döredijiligini öwrenmekde daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň hyzmaty, dana Pyragynyň şygyrlaryny dünýä dillerine terjime etmekde ýerine ýetirilen işler öz beýanyny tapdy. Şeýle-de çykyşlarda Magtymgulynyň döredijilik mirasynda milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryň beýany we onuň watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýol-ýörelgeleriniň esasy bolup durýandygy barada bellenilip geçildi.