ÝAŞ ŽURNALISTLER BILEN ŞU GÜNÜŇ GÜRRÜŇI

823

11-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa uniwersitetiň žurnalistika hünärinde bilim alýan hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary, ugurdaş kafedralaryň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň baýry neşirleriniň ýolbaşçylary — «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen duşuşygyň nobatdaky sanynyň myhmanlary boldular.
Milli Liderimiziň 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy sapagyna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda, ilki bilen, hormatly myhmanlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Soňra ýaşlar özlerini gyzyklandyran sowallar bilen halypalara ýüz tutdular. Sowal-jogaplarda, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk häsiýetdäki watançylyk sapagynyň ähmiýetiniň, şonuň bilen bir hatarda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan belent tutumly işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk çäreleriniň metbugat sahypalarynda şöhlelendirilişi, döredijiligiň dürli ugurlary boýunça halypalaryň ýaşlara maslahatlary öz beýanyny tapdy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30