HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

384

16-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasyna bolan iş saparyna, onuň çäklerinde Arkadagly Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden taryhy çykyşyna we öňe süren başlangyçlaryna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagyna we 2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna bolan saparynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagyna bagyşlandy.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasatyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini we «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýandygyny nygtap geçdiler. Çykyşlarda Bitarap Watanymyzda sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk işleriniň işjeň alnyp barylýandygyny bellediler. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasyna bolan iş sapary, onuň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy, eden taryhy çykyşy, öňe süren başlangyçlarynyň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek, sebit ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak we ösdürmek, halkara jemgyýetçiliginde doganlyk ýurtlaryň bilelikdäki bähbitlerini we ählumumy başlangyçlaryny öňe sürmek ugrunda goşan ägirt uly goşantlary üçin Gahryman Arkadagymyza Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanynyň gowşurylmagynyň Türkmenistanyň Milli baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde ildeşlerimizi diýseň begendirendigini aýtdylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30