ÝAŞLAR HAKDA ALADA SEBITIŇ GÜN TERTIBINDE
344Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkara we sebitara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şol ugurda hem dünýäniň, şol sanda sebitiň ýurtlary bilen ähli ugurlar boýunça ýola goýulýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykdy. 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Döwlet baştutanymyz halkara ähmiýetli çärelerde taryhy çykyş edip, sebitiň gün tertibinde durýan möhüm meselelere, olary oňyn çözmekde ýurtlaryň öňündäki wezipelere üns çekdi. Sebitiň döwletlerini olary bilelikde ýerine ýetirmäge çagyrdy. Konsultatiw duşuşyga Gahryman Arkadagymyzyň hormat myhman hökmünde çagyrylmagy we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Hormat nyşany» bilen sylaglanmagy türkmen wekilýeti üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Bu dünýäde we sebitde parahatçylyk söýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik başlangyçlary bilen uly abraý gazanan Milli Liderimize Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan goýulýan belent hormat-sarpadan habar berýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 13-15-nji sentýabry aralygynda ugurdaş çäreleriň birnäçesi geçirildi. Türkmen wekilýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty boýunça döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna işjeň gatnaşdy. Forumyň esasy gün tertibi ýurtlarda alnyp barylýan ýaşlar syýasatyny has hem kämilleşdirmeklige gönükdirildi. Şeýle hem bu ugurda goňşy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajyplygy nygtaldy.
Forumdaky çykyşlarda ýaşlaryň global meselelerde aýratyn ornunyň bardygy we bu ugurda olaryň uly bir güýç bolup durýandygyny beýan edildi. Hususan-da, bu Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäde iň ýaş sebitleriň biridigi, onda ilat sanynyň soňky ýyllarda has tiz artýandygy we ilatyň esasy böleginiň ýaşlardygy aýratyn nygtaldy. Şol sebäpli-de, ýaşlaryň ähli hukuklarynyň we azatlyklarynyň mundan beýläk hem goralyp, olaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, sowatly, aň-düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ähli taraplaýyn ösen şahsyýet bolup kemala gelmekleri üçin zerur bolan şertleri döretmegiň wajypdygy özara gürrüňleriň esasy mowzugy boldy.
Çykyşlaryň käbirinde bellenilişi ýaly, watansöýüji, ýokary bilimli-ylymly, sowatly, fiziki we ahlak taýdan sagdyn nesili kemala getirmegiň her bir ýurduň öňde goýýan esasy meseleleriniň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar syýasaty boýunça döwlet edaralarynyň ikitaraplaýyn bähbitli esasda hyzmatdaşlyk etmegi öňde goýlan kesgitli strategiki maksatlara ýetmäge we umumy maksatlary amala aşyrmaga ýakyndan ýardam berer. Bu babatda öňde goýulan maksatlara tiz wagtda ýetmek üçin foruma gatnaşan Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleri bu babatda öz tejribelerini paýlaşdylar we degişli teklipleri etdiler. Edilen çykyşlarda ýaşlaryň sebitiň ýurtlarynda geçirilýän halkara derejeli çärelerine has işjeň çekilse maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklip hem orta atyldy. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapyndan çykyş edenler türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we dost-doganlyk gatnaşyklaryny has hem pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Hususan-da, olar ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen esasy maksatlary, wezipeleri, ýörelgeleri we esasy ugurlary üstünlikli amala aşyrmak, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny has-da ösdürmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde yzygiderli alnyp barylýan giň gerimli işler barada milli tejribämizi paýlaşdylar. Şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has hem ösdürmäge taýýardygymyzy beýan etdiler. Geçirilen forumyň netijesi boýunça degişli rezolýusiýa kabul edildi.
Biz — ýaşlara şeýle halkara derejeli çärelere gatnaşmaga, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ýaşlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.